Täsin şekilli gül

6 Aprel 2021
3013

Bir ülüşli ösümlikler maşgalasyna girýän orhideýa gülleri özleriniň täsin şekilleri bilen tapawutlanýarlar. Ylymda bu gülleriň otuz bäş müňden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýan bu gülleriň haýwanlaryň şekiline çalym edip duran üýtgeşik görnüşleri hem bardyr. Şol görnüşleriň birine hem maýmyn orhideýasy diýilýär.

Maýmyn orhideýasy iň täsin hem-de seýrek duş gelýän güldür. Olar Merkezi we Günorta Amerikanyň dag gerişlerinde deňiz derejesinden 1500—2500 metr belentlikde ösýär. Asyl mekany Ekwador hasaplanýar, sebäbi bu ýerde maýmyn orhideýasynyň birbada birnäçe görnüşi gabat gelýär. Täsin gülüň dünýäde 120-den gowrak görnüşi bar. Olar reňki, müçesi boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Peru, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Meksika, Nikaragua, Gonduras, Panama ýaly ýurtlarda maýmyn orhideýasynyň haýsy-da bolsa bir görnüşi ösýär.

Taýýarlan Jeren HUDAÝBERENOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar