Taryhy taslamalaryň tarypy

5 Aprel 2021
1987

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan «akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar. Munuň özi ýurdumyzda sanly ulgamyň netijeliligini ýüze çykaryp, ähli düzümlerde, şol sanda gurluşyk pudagynda hem sanly ulgamyň işjeň ulanylýandygyny görkezýär. Muny bolsa häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň çäklerinde ulanylýan tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň mysalynda hem görmek bolar. Çünki bu işlerde milli Liderimiziň döwrebaplaşdyrmak we şäher gurşawynda häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly innowasion taslamalary durmuşa geçirmek syýasatyna esaslanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan şeýle giň gerimli özgertmeleri dünýäniň iň ösen ýaşaýyş-durmuş şertleriniň milli ruhda özleşdirilmegine şert döredýär. Gadymy Oguz ýaýlasynda gurulýan täze edara ediş merkeziniň gadymy binagärlik nusgasyny we döwrebap ösen şäheriň keşbini özünde jemlemegi Türkmenistanyň geçmişi, şu güni hem-de geljegi özara sazlaşykly birleşdirýän döwlet hökmündäki abraýyny artdyrar.

Aganepes AKUMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar