Tejribeler toplanýar we taslamalar taýýarlanýar

1 Aprel 2021
2009

Hormatly Prezidentimiz 16-njy martda paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, maglumat merkezleriniň işini kämilleşdirmekde, «akylly» şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň aýdanlaryndan we beren degişli tabşyryklaryndan ugur alyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary welaýatyň edara ediş merkeziniň toplumlaýyn gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde okuw-tejribelik, synag-önümçilik işlerini geçýärler. Bu ýerde ýaş alymlaryň toparlary «akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň ýöriteleşdirilen ugurlaryny durmuşa geçirmek üçin işläp düzen täze taslamalaryny, innowasion we inženerçilik çözgütleriniň täze nusgalaryny ýola goýmak ugrunda ylmy-tehniki synaglary hem-de amaly barlaglary amala aşyrýarlar.

Ahal welaýatynyň döwrebap edara ediş merkezinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýan durmuş hyzmatlary we medeni maksatlary öz içine alan taslamalary ornaşdyrmak bu ýerde tejribelikde bolýan toparyň esasy maksatlarynyň biridir. Ýaş oýlap tapyjylaryň işläp-düzýän taslamalarynda arassa ekologiýa gurşawyny üpjün etmegiň kadalary, maglumat howpsuzlygy we serişde tygşytlylygy hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa täze şäheriň ekologiýa, ulag-kommunikasiýa, önümçilik we mehanizasiýa hem-de beýleki düzümler babatdaky gurluşlarynyň sazlaşykly döredilmegine şert döredýär.

Serdar BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar