Milli demokratiýamyz dabaralanýar

29 Mart 2021
887

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi

28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.

"Nesil".
Beýleki habarlar