Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçdi

29 Mart 2021
858

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda jemgyýetimizde hukuk özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň Esasy Kanuny — Konstitusiýasy kämilleşdirilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda bolup geçen ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga beripdi. Milli Liderimiz şol mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadynyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden, şu maksat bilen kanunçykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly ulgamyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdygyny nygtap belledi.

Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanun kabul edildi. 2021-nji ýyldan güýje giren bu kanun esasynda ýurdumyzda iki palatadan ybarat parlament — Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat Milli Geňeş döredildi. Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly ulgamynyň döredilmegi Türkmenistan döwletimiziň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur bolan amatly şertleri döreder.

Beýleki habarlar