Baýraklaryň gutly bolsuň, Ýulduz!

29 Mart 2021
1813

Dünýäni gül-gülzarlyga besläp gelen bahar pasly ýurdumyzyň zenanlarynyň durmuşyna bagtyň ajaýyp şuglasyny paýlady. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda ýurdumyz baýramçylyk ruhuna beslendi. Baharyň ilkinji günlerinden başlap, Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenildi. Bu aýda zenanlara bagyşlanan baýramlaryň gerimi, bize ýene bir ýola ýurdumyzda zenanlara, enelere nähili belent sarpanyň goýulýandygyndan nyşan boldy. Şeýle şatlykly günlerde gelip gowşan hoş habar bolsa kalbymyzy şatlyga besledi.

Hormatly Prezidentimiziň Olimpiýa şäherçesine baryp, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda çempionlygy şu ýylyň ilkinji günlerinde ykrar edilen Ýulduz Jumabaýewany altyn medallary hem-de Türkmenistanyň
«Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglap, oňa ýeňil awtoulagy sowgat bermegi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuna goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.

Läle ANNAMYRADOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar