Şanly baýramyň şanyna

20 Mart 2021
846

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hususan-da, mejlisde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hem-de ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Beýleki habarlar