Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

18 Mart 2021
947

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Aşgabat şäheriniň häkimliginiň binasynda bolsa köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleriň jemgyýetimiziň we döwletimiziň bitiren hyzmatlarynyň aýratyn ykrarnamasy, zenanlaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine goşandynyň tassyklanmasydyr. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan milli Liderimize berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, uzak ömür we täze üstünlikleri arzuw etdiler.

* * *

Beýleki habarlar