Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde dünýäniň iň owadan we arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutuljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda baş şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden belläp geçeris. Ministrler Kabinetiniň 26-njy fewralda geçirilen mejlisinde bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi we 35 bölümden ybarat meýilnama tassyklanyldy. Munuň özi paýtagtymyzy ösdürmek we ony has-da gözelleşdirmek meseleleriniň milli Liderimiziň yzygiderli üns merkezinde durýandygyny doly subut edýär.
Aşgabat — ak mermerli binalaryň mesgeni. Bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Bu ýerde bina edilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen paýtagtymyzyň şähergurluşyk infrastrukturasy has-da ösýär. Baş şäherimizde amala aşyrylýan şeýle giň gerimli özgertmeler netijesinde Aşgabat gülläp ösýän ajaýyp şäher we möhüm ykdysady merkez hökmünde ykrar edilýär.