Arkadagyň sahawaty — oňyn durmuş syýasaty

17 Mart 2021
887

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan ilatyň durmuş goraglylygy we durmuş üpjünçiligi halkymyzyň milli ýörelgelerinden, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly asylly häsiýetlerinden gözbaş alýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan durmuş özgertmeleri ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar milli Liderimiziň ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň bolelin ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir. Bedew bady bilen öňe barýan gözel Diýarymyzyň ähli pudaklarynda, dürli ulgamlarynda gazanylýan zähmet üstünlikleriniň esasynda hem döwletiň adam hakynda edýän aladasy durýar. Ýagny, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, zähmet üstünlikleri raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Ýurdumyzyň döwlet býujetiniň esasy bölegi ilatymyzyň durmuş zerurlyklaryna gönükdirilip, her ýyl zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem medeni-durmuş maksatly döwrebap desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär.

Jemal GULBAÝEWA,
TDP-niň Görogly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar