Lezzetli sowgat

7 Mart 2021
1190

8-nji mart – Halkara zenanlar güni her bir maşgalada, her bir ojakda dürli görnüşde bellenilip geçilýär. Häzirki döwürde ösen tehnologiýanyň kömegi bilen baýramçylyk desterhanlarynyň bezelişi döwrebap häsiýete eýe boldy. Naz-u-nygmata baý desterhan bezegleriniň özgerşinde aşhana dizaýnerleriniň hem mynasyp paýy bar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gelin-gyzlarymyzyň halkara baýramynyň nyşany bolan 8-ligiň şekilini miwelerdir gülleriň, süýjülikleriň dürli görnüşleri bilen bezelişi özboluşly sungat eserine meňzeş. Şeýle sowgatlyklar bolsa, bahar göwünli gyz-gelinlerimize, kalplary söýgüden doly enelerimize ýatdan çykmajak sowgat bolar. Baýramyňyz gutly bolsun, Garaşsyz döwletimiziň mähriban zenanlary!

Beýleki habarlar