Ömrümiziň örki, durmuşymyzyň görki siz, mähribanlar!

7 Mart 2021
994

Bu gün 8-nji mart — Halkara zenanlar güni. Bu şanly senede, halkara baýramda ýurdumyzda hemişe çuňňur hormatyň eýesi bolan kümüş saçly eneler, baýdak ýaly gelinler, bägül deýin gyzlar, gunça kimin gyzjagazlar aýratyn söýgi, mähir bilen gurşalyp alynýar, has-da mertebelenýär we sarpalanýar. Bu mähribanlar biziň ömrümiziň örki, durmuşymyzyň görki. Şonuň üçin, olara sowgat-serpaýymyzy-da, elwan gülli çemenlerimizi-de, ýürekden ýürege ýetýän gutlagly sözlerimizi-de jomartlyk bilen eçilýäris. Olar muňa hemişe, aýratyn-da şu gün mynasyp mähribanlar.

Ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän bu nurana baýramçylyk barada oýlananyňda, ýazyň hem-de eneleriň, gelin-gyzlaryň arasynda meňzeşligiň, ýakynlygyň, sazlaşygyň bardygy baradaky oý-pikirler seriňe dolýar. Bahar pasly-da, eneler, gelin-gyzlar hem ajaýyplygy, tebigylygy, gözelligi bilen ýakymly täsir galdyrýar, kalba ruhubelentlik, ylham, joşgun bagyş edýär, köňli heýjana salýar. Bahar pasly bilen baglanyşykly, eneler, gelin-gyzlar hakdaky goşgularyň şeýle köp bolmagy, aýdymlaryň kalplary heýjana salmagy, megerem, şonuň üçindir!

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar