Dünýäniň ýaraşygy ene

5 Mart 2021
876

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda: «Dünýäniň akyldarlary, weliler, ýagşyzadalar hakyndaky tymsallarda hem gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr» diýýär.

Parasatly ata-babalarymyz zenanlaryň durmuşdaky ornuna mukaddeslik hökmünde gadyr-gymmat goýupdyrlar. Dünýädäki altyn-kümüş, göwher, dür, zümerret, ýakut ýaly ajaýyplyklary olara rowa görüpdirler. Sözleriň naýbaşysy bolan «eziz», «mähriban» ýaly jümleler bilen olara ýüzlenipdirler. Zenanlara ojagyň diregi, öýleriň gelşigi, toýlaryň ýaraşygy, ýaşaýşyň gözbaşy, adamzat ähliniň ömürbaky terbiýeçisi hökmünde tagzym edipdirler.

Mähek IBRAGIMOWA,
"Nesil".
Beýleki habarlar