Dünýäniň görki

5 Mart 2021
982

Türkmen maşgalasy, gelin-gyzlary öz edebiniň hem paýhasynyň gözbaşyny şöhratly taryhymyzyň jümmüşinden alyp gaýdýar, onda ata-babalarymyzyň döreden asylly däp-dessurlary, Oguz hanyň, Gorkut atamyzyň ýörelgeleri, öwüt-ündewleri, pähim-paýhaslary bar. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, ene-ata, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, geçirimlilik, mähirlilik, sadalyk we zähmetsöýerlik ýaly belent ahlak häsiýetler hem halkymyzyň taryhy köklerinden dowam edip gelýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Onda gatnaşyklaryň köp ugurly görnüşleri kemala gelýär we dürli meseleler çözülýär. Her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr, ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek üçin özbaşdak we jogapkär bolmalydyr. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonça-da hemmetaraplaýyn baý bolýar. Biziň wezipämiz bolsa türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan we berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýär.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar