Toý lybasly Aşgabat

5 Mart 2021
1210

Güneşli Diýarymyzda şanly seneler, baýramçylyklar ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny, şeýle hem ak mermerli paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny ýokary derejede, uly baýramçylyk ruhunda geçirmek babatda alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Merjen şäherimiz Aşgabat şu günler toý lybasyna beslenýär. Şanly sene mynasybetli paýtagtymyzyň köçelerine bezeg berip duran ajaýyp ýazgylaryň ýerleşdirilmegi aşgabatlylaryň we myhmanlaryň ata Watanymyzyň beýik ösüşlerine, ak şäherimize bolan ýürek buýsanjyny artdyrýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde ösdürilip ýetişdirilýän al-elwan güller bilen paýtagtymyzyň giň we nurana şaýollary, seýilgähleri ezber bagbanlar tarapyndan bezelýär. Bu bolsa ak mermerli binalaryň tebigat bilen özara sazlaşygyny döredip, ajaýyp gözellige eýe bolmagyna getirýär. Paýtagtymyzyň beýik ösüşleri, täsin binagärligi, arassalygy biziň her birimizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasata ýugrulan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň netijesinde türkmen paýtagty bu gün ýaşaýyş üçin ähli şertleriň döredilýän mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Muňa Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda ak mermere bürenen Aşgabat şäherimiziň, täsin desgalarymyzyň mynasyp orun tapmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Goý, berkarar Diýarymyzy, ak şäherimiz Aşgabady beýik ösüşlere besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Begenç ATAJANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar