Bagtyýarlyk joşguny

5 Mart 2021
840

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary, taýsyz tagallalary bilen uly ösüşlere eýe bolýan Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni möhüm ähmiýetli taryhy wakalara beslenýär. Tebigaty gülzarlyga öwürýän ýaz pasly merjen paýtagtymyzyň nurana keşbine özboluşly gözellik çaýýar. Aşgabat şäheriniň gür bagly seýilgähleri, müň dürli öwüşginlere beslenip oturan ýaşyl zolaklary, ýaşaýyş toplumlarynyň, jemgyýetçilik binalarynyň töweregindäki meýdançalar häzirki wagtda al-ýaşyl öwsüp, bahar joşgunyny buşlaýar. Ak şäherimiziň täsin tebigatynyň ajaýyp keşbi paýtagtymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň göwünlerini joşduryp, kalbyna ylham eçilýär.

Ýurdumyzda we Ýer ýüzünde Halkara zenanlar gününiň baharyň ilkinji günlerinde bellenilýändiginde hem çuň many-mazmun bar. Mährem eneler, gelin-gyzlar Zeminiň görki, dünýäniň bezegi hasaplanýar. Olaryň mylaýymlygy, owadanlygy bahar-ýaza deňelip, şahyrlar tarapyndan wasp edilýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Kararyna laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän, şeýle hem pensiýa we döwlet kömek puluny alýan, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji gelin-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky we paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda baýramçylyk mynasybetli dabaralar geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda durmuşda ýaşaýan, ylym-bilim alýan, döredijilikli zähmet çekýän mähriban gelin-gyzlarymyzyň eşretli zamanamyza bolan guwanjyny, milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işlere buýsanjyny goşalandyrdy.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar