Ýylyň sungatda işjeň zenany

5 Mart 2021
1087

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Zenan başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça welaýatyň Görogly etrabynyň Durdy Gylyç adyndaky geňeşligindäki II Diregli oba medeniýet öýüniň saz ýolbaşçysy Merjen Manadowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada mynasyp bolmagy başardy. Biz Merjeniň bäsleşikde gazanan üstünligini, şeýle-de, baýramçylygyny gutlap, onuň bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy uludan bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyp, «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýen ada mynasyp bolmagym meni has-da ruhlandyrdy.

Söhbetdeş bolan
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
Beýleki habarlar