Zenan — mertebe tugy

5 Mart 2021
789

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda aýal-gyzlaryň sarpasy belent tutulýar. Zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligini artdyrmak, maşgalanyň, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, zenanlaryň saglygy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Türkmen zenanlary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem göreldeli zähmet çekmek bilen, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza, ak ýürekden gulluk edýärler.

Maşgalanyň mähek daşy, mertebe tugy hasaplanylýan dünýä mähribanlyk, zemine nuranalyk paýlaýan, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan mährem eneler asylly zenanlar, ynsan ykbalynyň kuýaşydyr. Şonuň üçin hem zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan beýik we şöhratly taryhynyň bütin dowamynda mukaddeslik hökmünde kämilleşdirip gelýän milli ýörelgeleriniň biridir. Türkmen gelin-gyzlary özlerini asyrlaryň dowamynda watansöýüji, ar-namysly, ak ýürekli, salyhatly, mylaýym, güler ýüzli, çeper hünärli, asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar. Milletimiziň buýsançly hem-de şan-şöhrata beslenen, dünýä ýaň salan, beýik geçmişinde iň ajaýyp gylyk-häsiýetlerini özünde jemlän gelin-gyzlar Watany, ar-namysy goramakda türkmen medeniýetini baýlaşdyrmakda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Türkmen taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýän geçmişine ser salsak, Watany, il-güni, söwer ýary, maşgala ojagy üçin gahrymançylyk görkezen zenanlary näçe sanasaň sanap oturmaly.

Beýleki habarlar