Mertebesi belent, mährem eneler

5 Mart 2021
1105

Golaýda şeýle at bilen Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzda her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadyny gowşurmak, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak ata Watanymyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzy sarpalamak ajaýyp däbe öwrüldi. Bu asylly başlangyçlaryň gözbaşynda hut milli Liderimiziň taýsyz tagallalary dur. Dabara gatnaşan zenanlar döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan sergide zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, ajaýyp senedimiz bolan haly we haly önümleri, milli egin-eşikleriň gadymy nusgalary, keşdelenilen kürtedir zenan donlary ýerleşdirildi. Bu gymmatlyklarymyz sergä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar