Milli kanunçylygyň möhüm ugurlary

4 Mart 2021
1017

Şu ýylyň 25-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz Milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşdy we milli kanunçylygy mundan beýläk hem kämilleşdirmek, ony döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen deputatlaryň öňünde möhüm wezipeleri goýdy.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, kabul edilen maksatnamalar barada durup geçmek bilen, kanunlaryň döwrüň talabyndan yza galýandygyny aýdyp, bu babatda degişli çäreleriň görülmelidigini, kanunçylyk namalarynyň seljerilmelidigini, hereket edýän kanunlara üýtgetmeleriň girizilmelidigini we zerur bolan ýagdaýynda täze kanunlaryň kabul edilmelidigini belläp geçdi.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar