Toý şatlygymyzy artdyrdy

4 Mart 2021
731

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bütin dünýäde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen, Garaşsyz ýurdumyzda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň ajaýyp bahar pasly buýsançly wakalara, hoş habarlara beslenip geldi. Taryhy ýylda bellenilýän ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň, beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralary Halkara zenanlar gününiň şatlygy bilen utgaşyp, buýsançly köňüllere aýratyn ýakym çaýýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlara, hormatly dynç alyşdaky enelerimize Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy baýramçylyk ruhubelentligimizi artdyryp, göwün guşumyzy ganatlandyrdy.

Şu günler ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda Şa serpaýlarynyň gowşurylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär. Mähriban Arkadagymyzyň sowgadyna ganat baglan gyzjagazlar begenjini ýakynlary bilen paýlaşmaga howlugýarlar. Bu pursatda körpe nesliň şatlygyny diýsene! Munuň özi eziz Diýarymyzyň bagtly çagalygyň ýurdudygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, bagtyýar eneleriň köňüllerinde egsilmez buýsanç döredýär.

Maýagül AKYNYÝAZOWA,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 75-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar