Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!

1 Mart 2021
915

Ýurdumyzda arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegine, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüniň alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Arassaçylygyň iň ýönekeý kadalary berjaý edilende, keselleriň köpüsiniň, hususan-da, ýiti respirator keselleriň öňüni alyp bolýar. Möwsümleýin duş gelýän ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin arassaçylyk kadalaryny berk berjaý etmek maslahat berilýär. Munuň üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly. Bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp bolanyňyzdan soňra, ýörite niýetlenen zibil gaplaryna taşlamaly. Howanyň üsti bilen dürli tozan bölejikleriniň, kesel dörediji mikroblaryň dem alyş ýollaryna düşmeginiň öňüni almak üçin agyz-burun örtüklerini dakynmak her bir adama zerur bolup durýar.

Ogulbike HALLYKLYÇEWA,
welaýat dermanhana müdirliginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar