Haýyrly işleriň başynda

1 Mart 2021
1040

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde, beýleki ugurlar bilen bir hatarda, telekeçilik pudagyny ösdürmäge-de aýratyn uly üns berilýär. Güneşli Diýarymyzyň bedew batly gülläp ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan hususy işewürler welaýatymyzda hem barha köpelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çäginde hem ösen senagat zolagy kemala gelýär.

Arkadag Prezidentimiziň hususy işewürlere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bu senagat zolagynda öz işini döwrebap ýola goýanlaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan kärhananyň köp ugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkezi bir gektardan gowrak meýdany tutup, onda jemi 40 adam zähmet çekýär. Bu ýerde edara binasy, önümçilik sehi, elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş sehi, ammar jaýy we işgärler üçin niýetlenen jaý bar.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar