Derde derman miweler

1 Mart 2021
945

Bereketli türkmen topragy jana şypaly ot-çöplere, derde derman ösümliklere juda baýdyr. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda olary keselleri bejermek, saglygy berkitmek üçin iýmit hökmünde sarp edipdirler we derman serişdelerini taýýarlapdyrlar. Watanymyzda bitýän melhemlik ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, aýratynlyklary, olardan derman serişdeleriniň taýýarlanylyşy baradaky maglumatlar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopedik kitabynda giňişleýin beýan edilýär.

Ýurdumyzda bitýän ösümlikler bilen bir hatarda, miweleriň hem ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Dünýä lukmançylygynda hem saglygy berkidiji häsiýetli miweleriň köp mukdarda sarp edilmegine uly ähmiýet berilýär. Olar diňe bir saçaklarymyzy bezemek bilen çäklenmän, eýsem, bejerijilik häsiýetleri bilen hem uly ähmiýete eýedirler.

Akmaral GUWANJOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar