Biziň ruhy dünýämiz

1 Mart 2021
716

Mertebe hakda söz

Türkmeniň asyrlardan aşyp, biziň bagtyýarlyk zamanamyza gelip ýeten milli däp-dessurlary, döreden nakyllary, rowaýatlary, her hili aýtgylary täzeden belentlige galdyryldy. Hormatly Arkadagymyzyň ýiti zehininden çykan kitaplaryny okanymyzda, olaryň adamkärçilik, ynsan mertebesi barada ýazylandygyna anyk göz ýetirýäris. Sylag-hormat, adam mertebesini saklamak, ýaşaýyş--durmuşyň parahat bolmagynyň kepilidir. Sylag-hormat, mertebe diýlen häsiýetler adamyň ruhuna siňip, nesilme-nesile geçip, durmuşy parahat saklap duran gudratdyr diýmek bolar. Birek-biregi sylap-hormatlap, adam mertebesini saklap bilmek, ýaşaýyş-durmuşyň has oňat bolmagyna itergi berip bilýän uly güýçdür diýip düşünsek, onda biz ýaşaýan zamanamyzyň ajaýyp adamsy bolup bileris.

Beýleki habarlar