Güller bilen bäs edişer gözeller

1 Mart 2021
992

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde geçirilen «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşigi uly ruhubelentlige beslendi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň sahna ussatlygyny, ukyp-başarnygyny we el işlerine ezberligini ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl yzygiderli geçirilýär.

Owadan güller bilen bezelen baýramçylyk sahnasynda çykyş eden talyp gyzlar bäsleşigiň birinji şerti boýunça aýdym aýtmakda, şygyrlary labyzly okamakda, monologlary, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, gözel tebigatymyzyň, dost-doganlygyň waspy giňden beýan edildi. Bäsleşigiň ikinji şerti boýunça talyp gyzlar milli naharlarymyzyň jana şypalysy hasaplanylýan unaşy kesmekde özara bäsleşdiler. Şeýle-de bäsdeşler üçünji şerte laýyklykda keşde çekmek, jorap örmek, jähek salmak, alaja işmek, haly dokamak, gaýma gaýamak boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Biri-birinden owadan, nepis sünnälenilen el işleri zenan kalbynyň gözelligini ýatlatdy.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar