Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

1 Mart 2021
866

Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär. Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.

Lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly. Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza görä egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli. Örtügi dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalyşmaly. Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly. Ulanyp bolanyňyzdan soň bolsa, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar