Keseliň öňüni alan ýagşy

27 Fewral 2021
797

Gyş bilen ýaz paslynyň sepgidinde, howanyň çygly günlerinde adamlaryň arasynda: «Ysgynym ýok, kelläm agyrýar, ukym tutup dur» diýen ýaly gürrüňleri häli-şindi eşitmek bolýar. Mundan başga-da, il içinde aýdylyşy ýaly, howanyň çalyşýan döwründe dürli dowamly sökelliklere duçar bolan adamlaryň keseliniň gozgamagy, beterleşmegi, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseller ýaly näsazlyklaryň ýüze çykmagy duş gelip biler.

Gün şöhlesiniň azlyk etmegi bedeni tapdan düşürip, immun, nerw ulgamlaryny gowşadýar. Bu, öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna sebäp bolýar. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly. Maşgala lukmanlary size kesel kesgidiňiz boýunça maslahatlary berip, gerek bolan ýagdaýynda degerli bejergileri geçirýärler.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäheriniň 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar