Wepaly hem ygtybarly goragçy

26 Fewral 2021
816

Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip, kämilleşdirip, häzire çenli asyl durkuny saklap gelýän milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaý itleridir. Asyrlaryň dowamynda gurak hem yssy howa şertlerimize uýgunlaşan wepaly alabaý itleri mallaryň ygtybarly goragçysy, çopanlaryň wepadar kömekçisidir. Olar rahat, gaýduwsyz gylyk-häsiýeti bilen tapawutlanýar. Eýesine wepalylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlygy, hojaýynynyň sesini eşidenden, onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklarydyr. Çopanlar uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde hem itlerini ýanlaryndan aýyrmandyrlar, goşlaryny wepadar goragçylaryna ynanypdyrlar. Türkmen alabaýlary sakçy we yzçy itleriň içinde hem öňdäki orunlarda goýulýar.

Ynsanyň wepaly dosty, goragçysy bolan türkmen alabaýlary dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak üçin seçgi işlerini yzygiderli dowam etdiripdirler. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýlaryň artykmaçlyklary, durmuşdaky orny, olary ösdürip ýetişdirmegiň we saklamagyň aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär. Türkmen alabaý itlerini bütin dünýä tanatmakda, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmakda bimöçber işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýagmyrmämmet MEREDOW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň gulluk itşynaslygy bölüminiň müdiri, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar