Ertirlik üçin şüle

26 Fewral 2021
975

Adatça, ertirlik naharynda, köplenç, peýnir, ýumurtga, gaýmak, mesge çalnan çörek iýilýär. Düzüminde köp mukdarda uglewodlary, beloklary, ýaglary, mikroelementleri saklaýan bu önümler ýokary kaloriýaly bolsa-da, bedeni gurplandyrmak, kuwwatlandyrmak üçin ýeterlik däldir. Ertirlik nahary proteinlere, antioksidantlara, witaminlere baý bolmalydyr. Süle, tüwi dänesinden taýýarlanan şüleler bedeni olar bilen doly üpjün edip bilýär.

Süle
Süle sowuklama garşy täsir edýär, immuniteti pugtalandyrýar, bedeni zäherli galyndylardan arassalaýar. Ol energiýanyň baý çeşmesi hasaplanýar. Süleden taýýarlanylan şüle yzygiderli ulanylanda, ol gandaky glýukozanyň derejesiniň peselmegine itergi berip, süýjüli diabetiň öňüni almaga ýardam edýär.

Maýa POTYÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar