Eziz Diýarymyzyň baş şäheri bolan Aşgabat günsaýyn tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan desgadyr binalaryň her biri onuň sungat derejesindäki gurluşyk-binagärlik görküne özboluşly sazlaşyk goşýar.
“Aşgabady döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras goýmalydyrys” diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz merjen şäherimiziň baş binagäridir. Soňky sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzda üstünlikli amala aşyrylan gurluşyk taslamalary — gurlan medeni-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport desgalary, kaşaň ymaratlar, köşkler, belent ýaşaýyş jaýlary, şeýle-de suw çüwdürimleri, şaýollar, köpugurly köprüler, seýilgähler we beýlekiler döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ajaýyp miweleridir.