Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň ähli babatda ýaş nesillerimiz üçin terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň dury ylhamyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlary, döwletlilik ýörelgeleri beýan edilýär.
Halkymyzyň asyrlardan-asyrlara dowam edip gelýän ýörelgelerini beýan edýän bu kitabyň nesil terbiýesinde ähmiýeti örän uludyr. Onuň üçünji bölümi «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» ady bilen berlip, ylym-bilime bagyşlanypdyr. Bölümde her bir adamyň durmuşda ilki bilen ylym-bilim alyp, soňra ony ýerlikli peýdalanýandygy dogrusynda aýdylyp geçilýär. Bölümde ylym hakynda getirilen rowaýatyň hem terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Rowaýatda ylmyň her zerresiniň altyna barabardygy bellenilýär.