Ajaýyp gözelligiň nusgasy

24 Fewral 2021
869

Aşgabat şäheriniň çäklerinde amala aşyrylýan möhüm düzümleýin taslamalaryň, ak mermerli paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Giň möçberli we möhüm ähmiýetli taslamalar taýýarlanylanda, geljekki desgalaryň bezegine we ekologiýa häsiýetnamalaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, şol sanda sanly tehnologiýalar bilen üpjünçiligine we ilkinji nobatda, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil ýörelgeleri ugur edinýän başlangyçlary netijesinde, paýtagtymyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi hem-de öz çäklerini giňeldýär. Şeýle hem Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Her ýylda ýurdumyzyň baş şäherinde täze özboluşly binalary we desgalary özünde jemleýän ajaýyp binagärlik toplumlary kemala gelýär. Şolar ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşini has aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar