Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine üstünlikli gadam basýan eziz Watanymyzyň ýüregi gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagyna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyl dolýar.
Bu şanly senäniň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylyna gabat gelmegi hem, şanly baýramçylyklaryň Diýarymyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanyljakdygyndan habar berýär. Bu bolsa mähriban halkymyzda ajaýyp zamanamyza, bagtyýar döwrümize bolan buýsanjy has-da artdyrýar.