Döwlet durmuşyna degişli möhüm wezipeler

24 Fewral 2021
915

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

«Watan».
Beýleki habarlar