Adam hukuklarynyň goraglylygy

24 Fewral 2021
756

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygy, jemgyýetiň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Halk häkimiýetliligini we hukuk döwlet esaslaryny berkitmekde, demokratik ösüşleri öňe ilerletmekde dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar.

Dolandyrmagyň özboluşly milli döwlet nusgasy ykdysadyýeti hem-de syýasy we raýat institutlaryny tapgyrlaýyn özgertmegi, ykdysady garaşsyzlygy gazanmagy, halkymyzyň baý ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dikeltmegi, jemgyýeti jebisleşdirmegi, onuň durnukly ösmegini üpjün etdi.

Jeren ÝEGENOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiň agzasy.
Beýleki habarlar