Serhetçi talybyň ýeňşi

24 Fewral 2021
950

Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» ylym-bilim merkezi onlaýn görnüşinde «Erudit online» halkara internet olimpiadasynyň 2021-nji ýyldaky bäsleşiklerini geçirip başlady. Olimpiada dünýä döwletlerinden islendik ýaşdaky raýatlar gatnaşyp, öz aralarynda test görnüşinde bäsleşýärler. Oňa türkmenistanlylaryň, hususan-da, talyp ýaşlaryň hem ençemesi gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Yhtyýar Ulukowyň hem bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Harby talyp Yhtyýar Ulukow halkara internet olimpiadasynda biologiýa we geografiýa derslerinden «Täsin haýwanat dünýäsi» mowzugy boýunça bäsleşdi. Ol bäsdeşleriniň arasynda 3-nji orny eýeläp, «Erudit» ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomy hem-de bürünç medaly bilen sylaglandy.

Ýaran Akmämmedow,
kiçi seržant.

Beýleki habarlar