Çagalaryň saglygyny goramak

23 Fewral 2021
870

Pasyllaryň çalyşýan mahalynda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy çaga bedenine belli bir derejede täsir edýär. Aýratyn hem ýaş çagalaryň bedeniniň gowşaklygy ýiti ýokanç keselleriň döremegine sebäp bolýar. Näsag asgyranda, üsgürende, gürleşende kesel howa damja ýollary bilen sagdyn çagalara geçýär. Çagalarda ýiti ýokanç keselleriň alamatlary nemli bardalaryň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokary galmagy bilen ýüze çykýar.

Ýiti ýokanç keseli çagalarda has-da agyr geçýär, öýken sowuklamasy, dem alyş ýetmezçiligi ýüze çykýar. Ýiti respirator keseli bilen näsaglan çagalary köpçülik ýerlerine alyp barmaly däl. Maşgala lukmanyny çagyrmaly we onuň maslahatyny ilkinji günlerden doly we dogry berjaý etmeli. Ýaş çagalary özbaşdak bejermek maslahat berilmeýär.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar