Sahawatly topragyň derman miweleri

22 Fewral 2021
1114

Miweler saglygy goramakda hem-de bedeniňi berkitmekde dermanlyk we melhemlik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Sebäbi olar dürli witaminlere baýdyr.

Alma. Ynsan saglygyna peýdaly, dürli witaminlere baý bolan almanyň düzüminde saglyga peýdaly maddalar köpdür. Ol adam bedenine oňat täsir etmek bilen, bakteriýalara garşy, peşew ýörediji, ýatkeşligi gowulandyryjy häsiýete eýedir. Şeýle-de adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrýar, gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Böwrekde daşlar emele gelen ýagdaýynda derman hökmünde ulanylýar. Pektinleriň almanyň gabygynda köp saklanýandygy üçin gabygyny aýyrman iýmek peýdalydyr. Düzüminde demriň köpdügi sebäpli, ony göwreli aýallara we çagalara iýmek maslahat berilýär.

Beýleki habarlar