Saglyk binalary halkymyzyň hyzmatynda

22 Fewral 2021
888

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işler amala aşyrylýar. Her ýyl giňden bellenilip geçilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde, ýagny, 2020-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň täsin binasy jemi 5 gatdan ybarat bolup, ol 130 orunlykdyr. Merkeziň maslahat beriş, anyklaýyş, kabul ediş bölümleri bar. Olaryň düzüminde gaýragoýulmasyz tiz kömek otaglary, barokamera, balneologiýa, dikeldiş-reabilitasiýa, intensiw bejeriş, reanimasiýa we anesteziologiýa, barlaghana, plastiki operasiýa, çagalar we uly adamlaryň ýanyk şikeslerini bejeriş bölümleri hereket edýär. Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi Germaniýa döwletiniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Merkez häzirki wagtda doly derejede halkymyza hyzmat edýär.

Merkeziň ýatymlaýyn bölümlerinde otaglar 1 we 2 orunlyk bolup, şol ýerde syrkawlar üçin ähli amatly şertler döredilen. Ýagny, otaglar köp görnüşli funksional enjamlar, telewizor, azyk önümleri üçin sowadyjylar, egin-eşikler üçin şkaflar bilen üpjün edilendir. Şeýle-de, ýatymlaýyn otaglaryň ählisinde kislorod bilen üpjün edýän ulgam, nobatçy şepagat uýasyny çagyrmak üçin nokatlar, merkezleşdirilen ýylylyk we howa sowadyjy ulgamlar hereket edýär.

Gültäç ANNAÝEWA,
Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň Çagalar bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar