Sagdyn nesil — geljegiň gözbaşy

22 Fewral 2021
914

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sagdynlyk hem ruhubelentlik düşünjesi durmuşyň altyn kadasyna öwrüldi. Milli saglyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrmak işlerine döwletimiz aýratyn üns berýär, bu işlere örän köp serişdeler gönükdirilýär. Iň täze tehnologiýalaryň, öňdebaryjy innowasiýalaryň pudaga giňden ornaşdyrylmagy lukmançylyk ylmynyň hem hyzmatlarynyň hilini dünýäde iň ösen döwletleriň derejesine ýetirmäge giň ýol açdy. Gurlup, ulanyşa berilýän döwrebap saglyk binalary şäherlerimiziň hem obalarymyzyň görküne görk goşýar.

Sagdynlyk we ruhubelentlik düşünjesiniň giňden wagyz edilmegi, hususan-da, ýaşlarda bedenterbiýä we sporta bolan hyjuwy artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz özüniň sagdynlyk we ruhubelentlik syýasatynyň baş maksadyny teswirlemek bilen, türkmen milletiniň genofonduny goramagyň döwrüň baş wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtaýar. Bedenterbiýe we sport bu uly wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmegiň iň bir netijeli serişdesidir.

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany.
Beýleki habarlar