Ynam jogapkärçiligi artdyrýar

18 Fewral 2021
847

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan özara bähbitli, köptaraplaýyn hem-de netijeli daşary syýasaty uly üstünliklere eýe bolýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetlilik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy wezipesi dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyz halkara konwensiýalardyr ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar. Geçen taryhy döwrüň dowamynda döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, dünýä syýasatynyň işjeň gatnaşyjysyna öwrüldi we öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly, ygtybarly we ynamdar hyzmatdaş hökmünde Ýer ýüzündäki abraýyny has-da pugtalandyrdy. Bu gün diplomatik wekilhanalarymyz dünýä ýurtlarynyň onlarçasynda işlemek bilen, milli bähbitlerimizi üpjün etmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin tutanýerli iş alyp barýarlar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitlemek bilen, Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeýändigini we köpugurly häsiýete eýe bolýandygyny, dünýä giňişliginde eýeleýän ornunyň hem-de täsiriniň barha artýandygyny yzygiderli belleýär. Şunda dünýä döwletlerinde we halkara guramalaryň ýanynda hereket edýän hemişelik wekilhanalarymyzda ýurdumyzyň adyndan mynasyp wekilçilik edýän türkmen diplomatlaryna hem aýratyn orun degişlidir. Olar dünýäniň çar künjeginde zähmet çekmek bilen, parahatçylygy söýüji, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän hem-de pugtalandyrýan Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň ornuny dünýä giňişliginde berkitmek ugrunda toplumlaýyn işleri durmuşa geçirýärler. Hut şu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady bolup durýar.

Maýsa MÄMIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar