Iň gymmatly baýlyk

10 Fewral 2021
967

Türkmen halky ynsan saglygyna hemişe iň gymmatly baýlyk hökmünde uly sarpa goýup gelipdir. Asyrlar boýy kämilleşdirilip gelnen bu ýörelge bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda mazmun taýdan has-da baýlaşdyryldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde gazanylan üstünlikler munuň subutnamasydyr. Ýetilen sepgitler ynsan ömrüni uzaltmaga, keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri kemala getirmäge ýardam berýär. Arkadag Prezidentimiziň il saglygy barada döwlet derejesinde edýän şeýle aladalarynyň çäklerinde Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi we olar bagtyýar nesillerimiziň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Ýokary hil ülňülerine laýyk gurlup, şäherlerimiziň, obalarymyzyň görküni öňküden hem artdyran bu sport desgalary her bir adamyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň işjeň dynç almaklary, sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, tejribe toplamaklary üçin zerur şertleri döredýär. 

Üstünlikli amala aşyrylýan bu işler halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilen tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändigini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Goý, halkymyzyň saglygyny goramakda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiz has-da uly ösüşlere beslensin!

Mähri TÄÇMÄMMEDOWA,
Serdar şäherindäki 10-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar