Sagdynlyk — ruhubelentlik

10 Fewral 2021
1039

Sagdyn durmuş ýörelgesi saglygyny goramaga we berkitmäge tagalla edýän her bir adamy biparh goýmaýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesi lukmançylykda, sosiologiýada we psihologiýada gazanylan üstünlikleriň we açyşlaryň hasabyna has-da dabaralanýar. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemesine görä, saglyk bu diňe keselleriň we näsaglaryň bolmazlygy däl-de, eýsem, doly fiziki, ruhy we sosial eşretdir. Sagdyn durmuş ýörelgesi munuň özi daşky gurşawyň tebigy we sosial faktorlaryň täsiri esasynda, saglygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşydyr. Şunda tebigy hadysalar hakynda gürrüň edilende Günüň ultramelewşe şöhleleriniň täsiri bilen adamyň derisi D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa, diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, nerw dartgynlylygyndan goraýan oňat serişdedir. Onuň ýetmezçiligi parodontoza, onkologik kesellere, beden myşsalarynyň we bogunlaryň agyrysyna we süýji kesele alyp barýar. D witaminini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Arassa howa bedeniň umumy ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.

Öýüň içindäki howa dymyk bolsa, kellagyry, ukynyň bozulmagyna, ganygyzgynlyga, ünsüň gowşamagyna, peselmegine sebäp bolýar. Adamyň durmuşynda suwuň ähmiýeti hakynda aýdylanda bolsa, suw ýaşaýşyň çeşmesidir. Bedenimiziň kadaly hereketi üçin günde 1,5 — 2 litr suwuklyk, onuň 3-den 2 bölegi bolsa, adaty suw bolmaly. Bedende suwuň ýetmezçiligi kelläniň agyrmagyna, ýadawlyga, ysgynsyzlyga, iç gatama, ýüzüň ýellenmegine, ukyň bozulmagyna eltýär, bedeniň umumy gowşamagyna getirýär. Biziň ýüregimiz, nerw ulgamymyz, beden agzalarymyzyň ählisi gije-gündiz 2 litr çemesi suw içilende has gowy işleýär. Bu mukdar agramyňa görä, artdyrylyp hem bilner. Sagdyn we kadaly iýmit bu göni içegedäki düwnigiň, iç gatamasynyň, babasiliň, aşgazan-içege, ýürek-damar ulgamynyň kesellemeginiň, gipertoniýanyň, osteoporozyň we başga-da köpsanly keselleriň öňüni almagyň esasy şertidir. Adamyň hünärine laýyklykda, dynç almagy hem örän zerurdyr. Hormatly Arkadagymyz berkarar Diýarymyzda ynsan saglygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykardy. Berkarar Diýarymyzda bu ugurda bitirilýän beýik işler her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar.

Sähra NAZARGYLYJOWA,
Aşgabat şäher hassahanasynyň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar