Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri

10 Fewral 2021
1070

Ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde ýokary okuw mekdepleriniň orny örän uludyr. Häzirki wagtda hem dünýäniň dürli künjeklerinde müňlerçe ýokary okuw mekdepleri hereket edýär. «Times Higher Education» her ýylda dünýäniň iň naýbaşy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny düzýän halkara žurnaldyr. Bu halkara žurnaly her ýyldaky sanawyny uniwersitetlerdäki berilýän bilimiň hiline, onda döredilen şertlere, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine görä düzýär. Halkara žurnalynyň sanawyna giren iň gowy bäş sany ýokary okuw mekdebiň 3-si ABŞ-da, 2-si bolsa Angliýada ýerleşýär. Geliň, dünýäniň iň gowy 5 sany ýokary okuw mekdebi bilen gysgaça tanyş bolalyň.

Oksford uniwersiteti «Times Higher Education» halkara žurnalynyň 2020-nji ýyl boýunça iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda ilkinji orny eýeledi. Dünýäniň iň gadymy uniwersitetleriniň biri hasaplanýan Oksford bu sanawda adatça, öňdäki orunlarda durýar. Bu uniwersitet dünýäniň iň gadymy iňlis dilinde sapak berip başlan uniwersitetidir. Angliýada ýerleşýän naýbaşy uniwersitetde 50-ä golaý hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýerde diňe bir iňlisler däl-de, daşary ýurtly talyplar hem bilim alýarlar.

Beýleki habarlar