Saglygyň sakasy

10 Fewral 2021
819

Her bir adam kadaly iýmitlenmek boýunça zerur bolan ýönekeý düzgünleri dogry berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýmitler kadaly ýagdaýda saklanylmalydyr we gök hem-de bakja önümlerini köpräk iýmelidir. Günüň dowamynda dört-bäş gezek dürli-dümen naharlardan az-azdan iýmeli we gapdalyndan ter gök önümlerinden taýýarlanylan şerbetleri içmelidir. Bedeniň berk, sazlaşykly ösmegine süýt we süýt önümleri, et, balyk, ýumurtga, gök we däneli önümler oňyn täsir edýär. Bagyr, balyk we ýumurtga witaminlere baý bolan iýmitlerdir. Eger-de bedene witaminler we minerallar doly derejede barmasa, onda dürli keselleriň ýüze çykmagy mümkin. Şonuň üçin gündelik durmuşymyzda sagdyn iýmitlenmegiň ähli düzgünlerini berjaý etmek biziň her birimiz üçin zerurdyr. Köp hereket etmek, beden maşklaryny ýerine ýetirmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak peýdalydyr. Agşam naharyndan soň, siňňitli bolar ýaly arassa howada gezim etmeli.

Halkymyz ir döwürlerde «Görk agyzdan, görmek eginden» diýlen parasatly jümlä eýerip, sagdyn iýmitlenmegiň sagdynlygy berkitmekde peýdalydygyny, adam synasyna ýardam berýändigini ündäpdirler. Sahawatly topraga örküni baglan halkymyz tebigy taýdan arassa gök we bakja önümlerini, miweli baglary ekip-dikip, kemala getirip, hözirini görüpdir. Gahryman Arkadagymyz her bir işiň başyny tutanda pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden ugur alýar. Sagdyn iýmitlenmek barada, iýmitiň adama näderejede peýdalydygyny, kadaly we dogry iýmitlenmegiň ugur-ýoluny öwüt-ündew edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ilatyň jan saglygyny goramak, aýamak, ömür dowamlylygyny uzaltmak ugrunda alyp barýan ynsanperwer, sahawatly işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, mertebesi belent bolsun!

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar