Möwsümleýin kesellerden goranalyň!

10 Fewral 2021
874

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň ýagdaýynyň üýtgemegi, howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy möwsümleýin ýokanç keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Olar, esasan-da, näsag adamdan sagdyn adama howanyň üsti bilen ýokuşýar. Keseliň ilkinji alamatlary üsgülewük, asgyrma, bokurdagyň agyrmagy, kellagyry, bedeniň umumy gowşaklygy, temperaturanyň ýokarlanmagy bolup durýar. Şeýle alamatlar ýüze çykan halatynda haýal etmän, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Ýiti respirator kesellerden goranmak üçin hökmany suratda daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmaly, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly, adamlaryň köp üýşýän ýerlerine barmakdan, elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly. Daşardan gelnende, nahardan öň we soň elleri sabyn bilen gowy edip ýuwmaly, otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, howasyny çalyşmaly, çygly arassaçylyk işlerini geçirmeli. Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, möwsümleýin keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny geçirmeli.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
Beýleki habarlar