Saglyga peýdaly önümler

8 Fewral 2021
1156

Ýurdumyzda bitýän ter gök önümler ýokumlylygy, melhemlik häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Olar ynsan saglygyny berkitmekde peýdalydyr.

Kädi. Ýylyň ähli paslynda-da saglygymyza peýdaly ekinleriň biri-de kädidir. Ol «tebigy dermanhana» diýlip hem atlandyrylýar. Kädiniň eti, çigidi dertleriň dermany bolmak bilen, halk tebipçiliginde giňden peýdalanylýar. Melhemlik häsiýetiniň ýokary bolşy ýaly, şiresiniň hem mineral düzümi köptaraply bolup, A, B, E, K we C witaminlerini özünde saklaýar. Onda kaliý, sink, demir, kalsiý we magniý, şeýle-de, şiresinde ýaglar, beloklar we mineral duzlar bar.

Beýleki habarlar