Sagdynlyk ruhubelentlikdir

7 Fewral 2021
757

Ýakynda Ahal welaýat Tohumçylyk we sort synag döwlet gullugynyň işçi hünärmenleriniň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Welaýat häkimliginiň meýilnamasy esasynda, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerinden ybarat bolan wagyz-nesihat topary tarapyndan guralan duşuşyk täsirli boldy.

Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ömrüň dowamlylygyny artdyrmak maksadyndan ugur alnan duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler eziz Diýarymyzda ildeşlerimiziň saglygyny goramak, dünýäde giňden ýaýran täze howply ýiti ýokanç keseliň ýurdumyza aralaşmagynyň we ýaýramagynyň, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek möwsümleýin keselleriň öňüni almak boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olaryň bellemegine görä, keselleriň öňüni almakda lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýermegiň, sahşy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmegiň, sagdyn we kadaly iýmitlenmegiň, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti uludyr.

Ahmet ÖRÄÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar