Düzgünleri dürs berjaý edeliň!

7 Fewral 2021
1237

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň sowuk bolmagy bilen baglylykda otaglarda elektrik gyzdyryjy enjamlar örän köp ulanylýar. olarda dürli näsazlyklar bolanda, ýangyn döremek howpy ýüze çykýar. Ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin, ilkinji nobatda, gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaly.

Elektrik akymynyň bir nokadyna çendenaşa agram düşmez ýaly oňa birbada birnäçe elektrik enjamlaryny birikdirmegi çäklendirmeli. Elektrik akymyna gereginden artykmaç kuwwatly goraýjylary oturtmak, olaryň goraýjylyk ukybyny pese düşürýär. Aýratyn hem elektrik enjamlaryny gurnamak, olarda bejeriş, abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilip, elektrik akymy özbaşyna aýratynlykda geçirilip, olaryň ugrunda awtomatiki goraýjylar oturdylmaly.

Bakyberdi ANNAÝEW,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň müdiri.
Beýleki habarlar